Panasonic ub-t760 [16/50] Elektron ruçka

Panasonic ub-t760 [16/50] Elektron ruçka
Ulanmaklyk
16 Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)
Elektron ruçka
Bellik
Elektron ruçkany ekranyň ýüzüne dogry burç bilen saklaň. Eger ruçkany gyşyk saklasaňyz, onuň ýagdaýy
nädogry hasaplanyp biler.
Birnäçe ruçkany şol bir wagtda ulanmaň. Bu näsaz işlemeklige eltip biler.
Elektron ruçkany elite Panaboard tagtasynyň ýanynda saklap, elektron ruçkanyň ujuna basmaň. Bu nädogry
işlemeklige eltip biler.
Bellik
Elektron ruçka takmynan 30 minutdan energiýa tygşytlaýjy režime geçýär.
Ujuna basylansoň ruçkanyň energiýa tygşytlaýjy režimden çykmagynyň haýal ýerine ýetirilmegi mümkin.
Elektron ruçka bilen işlenende hyžžyldyly ses eşidiler: ýagdaýy kesgitlemek üçin ruçka ultrases tolkunyny
çykarýar. Bu ses golaýyndaky adamlara ýa-da gurluşlara zyýan bermeýär. Ol elektrik togunyň urmagyna
sebäp bolmaýar.
Ultrases şöhlelendiriji
Bu zolagyň üstüni barmak bilen ýapmaň.
Ol elite Panaboard tagtasynyň elektron ruçkanyň ýerini dogry
kesgitlemegine mümkinçilik bermeýär.
IG şöhlelendiriji
Bu zolagyň üstüni barmak bilen ýapmaň.
Ol elite Panaboard tagtasynyň elektron ruçkanyň ýerini
dogry kesgitlemegine mümkinçilik bermeýär.
Ruçkanyň düwmesi
Kompýuteriň syçanjygynyň çep düwmesine
tyrkyldadylandaky ýaly funksiýany ýerine ýetirýär.
Batareýanyň ýerjagazynyň gapagy
Elektron ruçkanyň ujy
Elektron ruçkanyň ujuna basylan wagty ultrases tolkunlary
we infragyzyl signallar geçýär, soňra bolsa syçanjygyň çep
düwmesini tyrkyldatmaga degişli buýruk ýerine ýetirilýär.

Содержание

Скачать