Panasonic ub-t760 [20/50] Elite panaboard software i gurmak

Panasonic ub-t760 [20/50] Elite panaboard software i gurmak
Ulanmaklyk
20 Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)
elite Panaboard software-i
gurmak
elite Panaboard tagtasy bilen ulanyljak kompýutere
hökman elite Panaboard software gurmaly.
elite Panaboard software gurmak üçin aşakdaky işleri
ýerine ýetiriň.
Bellik
Tä gurmaklyk gutarýança USB kabelini dakmaň.
Bir kompýutere 1 sanydan köp elite Panaboard
tagtasyny birikdirmäň.
(Bu kompýuteriň nädogry işlemegine eltip biler.)
1. Kompýuteri açyň we Windows operasion
ulgamyny işlediň.
Ulgama administrator hukugy bilen giriň.
2. Bile berilýän kompakt-diski kompakt-disk okaýja
salyň.
Gurnaw ekrany görkeziler.
Eger gurnaw ekrany görkezilmese, Windows
Prowodnikden kompakt-disk okaýjyny saýlaň we
iki gezek [Menu.exe] punktuna tyrkyldadyň.
Eger Windows Vista-da ýa-da Windows 7-de
“Awto-işlet” penjiresi görkezilse, [Menu.exe ýerine
ýetir] punktuny saýlaň.
3. Hoşgeldiňiz ekrany görkezilensoň, [Далее]
ňe) düwmesine basyň.
4. Eger “Выбор модели” (Model saýla) ekrany
görkezilse, ulanylýan gurluşyň görnüşine
basyň.
5. [Установить elite Panaboard] (elite Panaboard
gur) düwmesine tyrkyldadyň.
6. Eger lisenziýa ylalaşygynyň şertlerini kabul
edýän bolsaňyz, [Да] (Hawa) düwmesine basyň.
Eger Windows Vista operasion ulgamynda
“Ulanyjylaryň hasaplaryny barlamak” penjiresi
görkezilse, gurnawy dowam etdirmek üçin
[dowam et] düwmesine basyň.
Eger Windows 7-de “Hasaplary barlamak”
penjiresi görkezilse, gurnawy dowam etdirmek
üçin [Hawa] düwmesine basyň.
7. Aşakdaky ekran görkezilende USB kabeliniň
kompýutere ýa-da elite Panaboard tagtasyna
birikdirilendigine göz ýetiriň we [ОК] (Bolýar)
düwmesine basyň.
Eger USB kabeli elite Panaboard tagtasyna
birikdirilen bolsa, ony aýryň we [ОК] düwmesine
basyň.
Eger .NET Framework 2.0 ýa-da has giçki
wersiýasy gurulmadyk bolsa, gurnaw ekrany
görkeziler. Bu priloženiýeleri gurmak üçin
ekrandaky instruksiýalara eýeriň.
8. Eger halypa penjiresi görkezilse, ekrandaky
instruksiýalara eýeriň we gurnawy dowam
etdiriň.
9. Gurnaw gutaransoň [Готово] (Boldy)
düwmesine basyň.
Kompýuteri täzeden başlatmak soralanda ony
täzeden başladyň.
Programmalar menýusynda [Panasonic]
toparynda [elite Panaboard] topary dörediler.

Содержание

Скачать