Panasonic ub-t760 [9/50] Batareýa

Panasonic ub-t760 [9/50] Batareýa
9Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)
Howpsuzlygyňyz üçin
4
Ulanylýan wagty ätiýaçlyk çäreleri
Batareýa
Gurluşyň içine metal bölekler gaçanda
ýa-da suw dökülende gurluşy öçüriň we
ony haýal etmän set rozetkasyndan
aýryň. Tehniki gözegçilik geçirmek üçin öz
dileriňize ýüz tutuň. Hapalanan gurluşy
ulanmaklyk ot almagyna ýa-da elektrik
togunyň urmagyna getirip biler.
Eger ulanmak boýunça instruksiýada
ýörite görkezmeler ýok bolsa, gurluşyň
nurbatlanan gapagyny hiç hili ýagdaýda
açmaň we aýyrmaň. Ýokary
naprýaženiýeli komponentler elektrik
togunyň urmagyna sebäp bolup biler.
Gurluşy üýtgetmäň we onuň böleklerini
modifisirlemäň. Üýtgetmeler we
modifikasiýalar ot almagyna ýa-da
elektrik togunyň urmagyna getirip biler.
ÝUWUTMAK HOWPY
Elektron ruçkany we batareýany
tötänleýin ýuwutmazlyklary üçin, olary
çagalaryň elýeterinden daşda saklaň.
Diňe görkezilen görnüşdäki batareýalary
ulanyň. Başga görnüşdäki batareýa
gyzyp/ot alyp ýa-da akkumulýator
kislotasyny syzdyryp biler.
Batareýany dakylýan ýerjagazynda
görkezilen polýarlyga pugta laýyklykda
dakyň. Nädogry dakylan batareýa ýarylyp
ýa-da syzyp, şikes ýetmegine sebäp
bolup biler.
Könelme ýa-da zeper alamatlary bar
bolan batareýalary ulanmaklyga rugsat
berilmeýär. Ulanylan ýa-da zeper ýeten
batareýalar syzdyryp biler.
Batareýalara zarýad bermäň, olary ters
utgaşdyrmaň, gyzdyrmaň, döwmäň we
oda taşlamaň, sebäbi ol syzmaklyga,
ýylylyk bölünip çykmagyna ýa-da
partlamaga sebäp bolup biler.
Batareýa utilizirlenen wagty onuň
kontaktlaryny izolirläň (meselem
izolýasion lenta bilen). Batareýa başga
batareýalara göni kontakt eden wagty
syzmaklyk, ýylylyk bölünip çykmagy
ýa-da partlama emele gelip biler.
Batareýany galaýylamaň, sebäbi ol
syzmaklyga, ýylylyk bölünip çykmagyna
ýa-da partlamaga sebäp bolup biler.

Содержание

Скачать