Panasonic ub-t760 [4/50] Federal aragatnaşyk komissiýasynyň talaplary

Panasonic ub-t760 [4/50] Federal aragatnaşyk komissiýasynyň talaplary
Giriş
4 Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)
Federal aragatnaşyk komissiýasynyň talaplary
Diňe ABŞ üçin
Bellik
Bu enjam Federal aragatnaşyk komissiýasynyň Kadalarynyň 15-nji bölüminiň “A klas” sanly gurluşlar üçin
degişli çäklendirmeleri tarapyndan barlanyldy we ykrar edildi. Bu çäklendirmeler ofis binalarynda enjamlar
ulanylanda päsgelçiliklerden göwnejaý goranmaklygy bellemäge niýetlenilendir. Bu enjam şu gollanmanyň
instruksiýalaryna laýyklykda gurulmadyk we ulanylmadyk ýagdaýynda radio aragatnaşygyna päsgel berip
biljek radiotolkunlary döredip, ulanyp we ýaýradyp biler. Bu enjamy ýaşaýyş ýerlerinde ulanmaklyk
päsgelçilik döredip biler we şeýle bolanda ulanyjy döredilýän päsgelçiligi özbaşdak düzetmelidir.
Maglumatlary ýazdyrmak hakynda duýduryş
Federal aragatnaşyk komissiýasynyň duýduryşlary
Federal aragatnaşyk komissiýasynyň standartlaryna laýyklykda uzak wagtlap ulanmaklygy üpjün
etmek üçin hökman diňe bile berilýän set şnuruny ulanmaly. Bu enjamyň islendik ýagdaýda birugsat
üýtgedilmegi ýa-da modifisirlenmegi ulanyjyny bu gurluşy ulanmaga bolan hukukdan mahrum edýär.
Eger ulgamlaýyn ýatlaýjy gurluş ýa-da goşmaça ýatlaýjy gurluşlaryň islendigi dolandyryş ýalňyşlyklarynyň,
statik elektrik togunyň, elektriki päsgelçilikleriň, wibrasiýanyň, tozanyň ýaramaz täsirine sezewar bolsa
ýa-da eger näsazlyk, abatlaýyş ýa-da seresapsyzlyk sebäpli elektrik togy öçse, ýatlarda saklanylýan
maglumatlaryň ýitmegi ýa-da üýtgemegi mümkin. Ulgam bilen işläp başlamankaňyz ulanmak boýunça
instruksiýalardaky duýduryşy we salgylanyş maglumatlaryny okap çykyň we enjamy ulanýarkaňyz şolara
eýeriň.
Aşakdaky duýduryşlary üns bilen gözden geçirmek gerek:
Ähli wajyp maglumatlaryň ätiýaçlyk nusgalarynyň döredilendigine ýa-da asyl nusgalarynyň
ýazdyrylandygyna doly göz ýetiriň.
Şunlukda öndüriji disketlerde, gaty disklerd, optiki disklerde ýa-da beýleki ýat gurluşlarynda saklanylýan
islendik maglumatyň islendik görnüşde ýitmegi ýa-da üýtgemegi sebäpli jogapkärçilik çekmeýändigini
mälim edýär.

Содержание

Скачать