Panasonic ub-t760 [8/50] Gurmak we göçürmek

Panasonic ub-t760 [8/50] Gurmak we göçürmek
Howpsuzlygyňyz üçin
8 Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)
Gurmak we göçürmek
Eger wilkany üýtgeýän toguň set
rozetkasyna dakyp bolmasa, set
rozetkasyny dogry zazemleniýe edilen
rozetka bilen çalyşmagy üçin ökde hünärli
elektrotehnige ýüz tutuň.
Zazemleniýeli wilkanyň iş ýörelgesini
bozmaň (meselem, perehodnik wilka
ulanmaň).
Set şnurunyň wilkasyny üýtgeýän toguň
rozetkasyna jebis dakyň. Bu talaby berjaý
etmezlik ot almagyna ýa-da elektrik
togunyň urmagyna getirip biler.
Set şnuruny dartmaň we egreltmäň,
üstünde haýsydyr bir predmet goýmaň we
onuň sürtelmegine ýol bermäň. Set
şnuruna ýa-da wilka zeper ýetmegi ot
almagyna ýa-da elektrik togunyň
urmagyna getirip biler.
Set şnuruny ýa-da wilkany özbaşdak
bejermäge synanyşmaň. Eger set
şnuruna ýa-da wilka zeper ýeten bolsa
ýa-da olar könelen bolsa, olary
çalyşmagy üçin abatlaýyş serwisiniň
ygtyýarly wekiline ýüz tutuň.
Wilkanyň kontaktlarynyň
hapalanmazlygyna esewan boluň. Ýokary
çyglylyk şertlerinde hapa kontaktlar
naprýaženiýäniň ep-esli ýokarlanyp,
ýylylyk bölüp çykarmagyna, eger rozetka
uzak wagtlap gözegçilik edilmedik
ýagdaýynda bolsa, onuň ot almagyna
sebäp bolup bilýär.
Hiç hili ýagdaýda wilkany öl el bilen
ellemäň. Elektrik togunyň urmak howpy
bar.
Eger gurluş tüsseläp başlasa, çakdanaşa
gyzsa, şeýle hem goşmaça ys ýa-da
güwwüldi eşidilse, haýal etmän ony
ulanmaklygy togtadyň. Şeýle ýagdaýlarda
ot almagy ýa-da elektrik togunyň urmagy
mümkin. Gurluşy haýal etmän öçüriň we
set şnuruny aýryň, soňra bolsa tehniki
gözegçilik geçirmegi üçin dilere ýüz tutuň.
Gurluşy aýranyňyzda, şnurdan däl-de,
wilkadan tutuň. Eger şnury bat bilen
çekseňiz, bu oňa zeper ýetmegine, ot
almagyna ýa-da elektrik togunyň
urmagyna eltip biler.
Ýyldyrymly tupan turýan wagty gurluşa
we wilka degmäň. Bu elektrik togunyň
urmagyna getirip biler.
Bu gurluşy gurmak, göçürmek we
utilizirlemek işlerini diňe tehniki hyzmat
boýunça ökde hünärli hünärmenler ýerine
ýetirmelidir.
Eger gurluş mundan beýläk ulanylmajak
bolsa, ýykylmazlygy üçin ony gurulgy
goýmaň – aýryň. Gurluş ýykylanda şikes
ýetmegi mümkin.

Содержание

Скачать