Panasonic ub-t760 [23/50] Ulgamy sazlamak kalibrleme

Panasonic ub-t760 [23/50] Ulgamy sazlamak kalibrleme
23Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)
Ulanmaklyk
4
.
Ulgamy sazlamak
(kalibrleme)
Kalibrleme barada
Kalibrleme elite Panaboard tagtasynyň we proýektoryň,
ekranda elektron ruçka bilen çyzylan çyzyklaryň we
berlenşündirişleriň ekranyň ýüzünde proýesirlenýän
şekile dogry goýular ýaly sazlanmagydyr. Iş
başlamanka hökman kalibrlemäni ýerine ýetiriň.
elite Panaboard tagtasynyň sazlamasy gutaransoň,
ekranyň ýüzüne şekili proýesirläň we kompýuteriňize
gurlan elite Panaboard software arkaly kalibrlemäni
ýerine ýetiriň.
Kalibrlemeden soň
elite Panaboard tagtasynyň ýa-da proýektoryň
ýerini üýtgediň
Aşakdaky ýagdaýlarda proýesirlenýän şekiliň we
elektron ruçkanyň ýagdaýy biri-birine gabat
gelmeýär we olaryň gaýtadan kalibrlenmegi talap
edilýär.
Proýektoryň duruşy üýtgese.
elite Panaboard tagtasynyň duruşu üýtgese.
–Zumuň, fokusirlemäniň we ş.m. üýtgemegi
sebäpli şekiliň ýeri ýa-da ýerleşişi üýtgese.
Proýektoryň ýa-da kompýuteriň çözgüdi üýtgese.
elite Panaboard
software-i işletmek we
kalibrlemäni ýerine
ýetirmek
1. elite Panaboard tagtasyny açyň.
2. elite Panaboard tagtasyny USB kabel arkaly
kompýutere birikdiriň.
elite Panaboard software awtomatik işledilýär.
elite Panaboard software ilkinji gezek işledilende
kalibrleme ekrany görkezilýär.
Kompýuteri täzeden başlatmak soralanda ony
täzeden başladyň. Kompýuter täzeden
başladylansoň, elite Panaboard tagtasyny USB
kabel arkaly kompýutere birikdiriň.
3. Kalibrlemäni ýerine ýetiriň.
4. Göni burç bilen tagtadaky her töweregiň
kesişme nokatlaryna şol nokatlar ýitýänçä
elektron ruçka bilen basyp duruň (2 sekunda
golaý). Aşakdaky şekilde görkezilşi ýaly
tertipde gaýtalaň.

Содержание

Скачать