Panasonic ub-t760 [36/50] Diwara gurmak

Panasonic ub-t760 [36/50] Diwara gurmak
Gurnaw gollanmasy
36 Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)
Diwara gurmak
Diwary barlamak
elite Panaboard tagtasyny diwara guran wagtyňyz diwaryň ýeterlik derejede berkdigi barada binanyň eýesi,
tehnik ýa-da gurujy ussa bilen maslahatlaşyň. Howpsuzlygy maksady bilen elite Panaboard tagtasyny diňe
diwaryň görnüşi anyk kesgitlenip, degişli nurbatlar we gurmak usullary saýlanyp alnansoň gurmaly (sah. 38).
ÄGÄ BOLUŇ
Elektron tagtany armirlenip suwalan diwara gurmaň. Diwara berkidiş plastinalarynyň boltlaryndan
suwagyň aşagyndaky metal ýa-da sim setka tötänden tok geçmegi gyzmaklyga, tüsselemeklige
we ýanmaklyga eltip biler.
I. Zerur gurallar we bölekler (elite Panaboard tagtasynyň üpjün edilýän komplektine girmeýär)
Drel, otwýortka, ruletka, dereje ölçeýji
8 nurbat (ölçegi M6)
II. Gurmaklyk başlamanka
1. Diwaryň ýeterlik derejede berkdigine we elite Panaboard tagtasyny saklajakdygyna göz ýetiriň.
Hasaplanan berkligi: iň bolmanda 1324 H (135 kgf (kgg))
Bellik
Gerek bolan ýagdaýynda diwary elite Panaboard tagtasyny saklar ýaly edip berkidiň.
2. elite Panaboard tagtasyny ýerleşdirer ýaly ýeterlik boş ýeriň bardygyna göz ýetiriň.
Beýikligi: iň bolmanda 2100 mm
Ini: iň bolmanda 2000 mm
3. Üýtgeýän toguň rozetkasynyň elite Panaboard tagtasynyň gurulýan ýerinden iň bolmanda 3 m
aradaşlykda ýerleşýändigine we elite Panaboard tagtasynyň arkasyna düşmeýändigine göz
ýetiriň.

Содержание

Скачать