Philips FC6726/01 [16/42] Türkmençe

Philips FC6726/01 [16/42] Türkmençe
16
Türkmençe
Enjamyň içindäki gaýtadan zarýad berip bolýan batareýi aýyrmak
Önüm zibile zyňlanynda önümiň içine ornaşdyrylan zarýad berip bolýan batareýi diňe ýörite hünärli ussa aýyrmaly. Batareýi aýyrmazdan ozal enjamyň
rozetkadan aýrylandygyna we batareýiň bütinleý boşandygyna göz ýetiriň.
Enjamy açmak üçin guralary ulananyňyzda we zarýad beriň bolýan batareýleri zibile zyňanyňyzda ähli zerur howpsuzlyk
çärelerini ýerine ýetiriň.
Batareýleri elläniňizde elleriňiziň, önümiň we batareýleriň gurudygyna göz ýetiriň.
Batareýler aýrylanyndan soň olarda tötänleýin gysga utgaşmanyň emele gelmeginiň öňüni almak üçin batareýiň
klemmalarynyň metal närselere (mysal üçin, teňňeler, saç tokalary, ýüzükler) galtaşmagyna ýol bermäň. Batareýleriň daşyna
alýumin folga oramaň. Batareýleri zibile zyňmazdan ozal olaryň klemmalaryna ýelmeşýän plýonka ýelmäň ýa-da batareýleri
plastik haltajyga salyň.
1 Enjamy rozetkadan aýryň we motory durýança onuň işlemegine maý beriň.
2 Tozan gabyny enjamdan aýryň.
3 Tutawajyň depesindäki displeýiň örtügini çekip aýryň (Sur. 4).
4 Tutawajyň örtüginiň wintini açyň we tutawajy enjamdan çekip aýryň (Sur. 5).
5 Aşakdaky örtügiň wintini (1) açyň, soňra gapdal panelleri (Sur. 6) aýryň.
6 Aşakdaky örtügiň çepindäki we sagyndaky wintkerini (1) aýryň. Soňra aşaky örtügi (2) (Sur. 7) aýryň.
7 Batareý birikdirijisiniň we displeýiň birikdirijisiniň esasy platadan birikmesini aýryň (Sur. 8).
8 Batareýi tutýan çarçuwanyň wintlerini açyp aýryň (Sur. 9).
9 Batareýi enjamdan aýryň we ony düzgünlere laýyklykda (Sur. 10) zibile zyňyň.
Näsazlyklary çözmek
Bu bölümde enjamda iň köp ýüze çykmagy mümkin meseleler gysgaça ele alynýar. Aşakdaky maglumatlaryň kömegi bilen meseläni çözüp
bilmeseňiz, ýygy soralýan soraglaryň sanawyny görmek üçin www.philips.com/support salgysyna giriň ýa-da öz ýurduňyzdaky Müşderiler bilen
işleşmek boýunça merkeze ýüz tutuň.
Mesele Ähtimal sebäbi Çözgüdi
Düwmäni basanymda enjam işlemeýär. Batareý çöken bolsa, displeýiň aşaky bölegi
gyzyl reňkde ýanyp-öçýär.
Batareýa zarýad bermek üçin, enjamy zarýad stansiýasyna
birikdiriň ýa-da zarýad stansiýasynyň magnitli zarýad beriş
diskini gönümel portatiw tozan soruja dakyň.
Enjamy işletmek üçin slaýderi öňe tarap
itmegiňiz gerek.
Işletmek üçin slaýderi sazlama 1-e tarap itiň. Hapa ýerleri
arassalamak üçin, slaýderi sazlama 2-ä tarap itmek arkaly,
soruş güýjüni artdyryň.
Enjamyň soruş güýji hemişekiden pes. Süzgüç we siklon filtr hapa. Süzgüji we siklon filtri arassalaň. Eger enjamy wagtly-
wagtyna ulanýan bolsaňyz, gubka filtrini azyndan her iki
hepdeden ýuwup duruň.
Tozan gabynyň gapagyny tozan gabyna
talabalaýyk dakmansyňyz. Tozan gabyny
enjama talabalaýyk dakmansyňyz. Iki
ýagdaýda hem soruş kuwwaty peseler.
Tozan gabynyň gapagyny tozan gabyna we tozan gabyny
enjama talabalaýyk dakyň.
Turbanyň içine bir zat dykylan bolmagy
mümkin.
Turbany aýryp, dykylma barmy-ýokmy barlaň.
Enjamyň daşyna tozan çykýar. Süzgüç hapa. Süzgüji arassalaň.
Enjamyň içinde süzgüç ýok. Enjamyň içinde süzgüjiň bardygyna we onuň dogry
dakylandygyna göz ýetiriň.
Bir zat siklony dykýar. Siklon süzgüjiň içine haýsydyr bir närsäniň dykylyp-
dykylmandygyny barlaň we bar bolsa, ony siklonyň içinden
aýryň.
Eger tozan gabyndan tozan çykýan bolsa,
tozan gabynyň gapagy tozan gabyna
talabalaýyk dakylan däldir.
Tozan gabyny boşadyp, tozan gabynyň gapagyny dogry
dakyň.
Haly arassalanylýarka, enjam poluň
ýüzünde endigan hereket etmeýär.
Gaty ýokary soruş kuwwatyny saýlapsyňyz. 1-nji sazlamany saýlamak arkaly soruş kuwwatyny peseldiň.
FC6726, FC6723, FC6722: Çotga indi
pyrlanmaýar.
Çotga juda uly garşylyga duş gelýär. Çotgany gaýçy ýa-da eliňiz bilen arassalaň.
Çotga ösgün üpürjikli halynyň ýüzünde
gaty köp garşylyga duş gelende
aýlanmagyny bes edip biler.
Enjamyň toguny öçürip, soňra gaýtadan işlediň.
Arassalanyňyzdan soň nasadkanyň içindäki
rolikli çotgany dogry dakmansyňyz.
Ulanyjy gollanmasynyň Arassalamak bölümindäki
görkezmeleri berjaý edip, rolikli çotgany nasadkanyň içine
dogry dakyň we berkidiji ryçagy şyrkyldadyp, ony
nasadkanyň içine berkidiň.
FC6726, FC6723: Nasadkadaky diod
çyralar ýanmaýar.
Nasadkany enjama ýa-da portatiwe
talabalaýyk dakmansyňyz.
Nasadkany enjama ýa-da portatiwe talabalaýyk dakyň.

Содержание

Похожие устройства

Скачать